ýangynly sypat

  1. Örän yssy, gaty yssy, jöwzaly, epgekli.

    • Tomsuň ýangynly günlerinde temperatura 45 gradusa çenli ýetýär.

  2. Göçme manyda Birinden ýa-da bir zatdan närazy bolan, jany ýanan gussa çekýän, hasratly.

    • Meretgulynyň ýürekden syzdyryp edýän ýangynly gürrüňlerini nätanyş adam üns bilen diňledi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Atajan aga muňa aýak üstüne galyp, gaharly gözlerini alardyp, gaty we ýangynly ses bilen: -- Sen kim, meni kolhozdan kowarça?! -- diýdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)