ýangyn at

  1. Ot düşmek netijesinde tutaşyp ýanýan uly ot.

    • Bä, bu näme üçin gelmedikä? -- diýip ýatyrkam, biziň demirgazyk tarapymyzda, gumuň içinde birden ullakan ýangyn döredi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Göçme manyda Jany ýananlyk, gaýgy-gam, hasrat, gussa.

    • Aşyryň Halnazardan ýangyny zordy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Şol ýangyny Aýsoltanyň mähir sili bilen öçürmek küýüne düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Çünki gyzy agşam hiç ýatyp bilmän, Ýangyn bilen diýdi: -- Eý Aman, Aman! (R. Seýitliýew, Eserler)