ýangyç

Dwigatelleri herekete getirmek üçin peýdalanylýan suwuk haldaky madda (nebit, benzin we ş. m. ).

  • Häzir biziň ýangyç bilen ýöreýän kiçijik stansiýamyz işleýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Çünki kirlän sweçkalar dinamodan motordaky ýangyja ot bermäge geçýän togy goýbermeýärdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýangyç - ýangyjy.