ýandyryjy

  1. Ot beriji, ýangyn dörediji.

    • Üstlerinden ýandyryjy bombalar düşen harby obýektler ýanýarlar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Gaty gyzdyrýan, ýakyp barýan, bişirip barýan.

    • Bahar öz möwsümini paýawlady, tomsuň ýandyryjy jöwzasi başlandy.

  3. Göçme manyda Uly horluga goýýan, azap beriji, iç ýakyjy, gam-gussa çekdiriji.

    • Ýangynly demler, ýandyryjy owaza öwrüldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)