ýandyrmak işlik

  1. Ot bermek, otlamak.

    • Burawy ýandyranyny, eden weýrançylygyny az hasap edýärmiň? ! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Gyzyl Goşun aklaryň bir bronowigini ýandyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Ot ýa-da başga bir gyzgyn zat bilen ýakmak, köýdürmek, bişirmek.

    • . Çaýyny döküp, elini ýandyrdy.

  3. Gaty gyzdyrmak, güýçli howur bermek, garaltmak.

    • Darajyk köçäniň içine düşen tomsuň ot ýaly howry baýyň näzik ýüzüni ýandyrýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Gyzgyn howa açyk teni ýandyrýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  4. Göçme manyda Uly horluga goýmak, azap çekdirmek, içini ýakmak, gam-gussa çekdirmek.

    • Ak bolmasa-da, garaýagyzja bir gyzyň janyny ýandyrdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  5. Göçme manyda Sygryň, düýäniň we ş. m. wagtynda sagylmazlygy sebäpli ýelnine inen süýdi yzyna çekilmek.