ýandak

Botanika Baldagy tikenli, ownuk gyzyl gülli, mal iýmiti hem-de ýalaňy odun hökmünde peýdalanylýan ösümlik.

  • Ýandagyň gülüne, ýapragyna guwanyp, uçup onuň üstüne gonanda, aýagyna ýandagyň tikeni urýar. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • Ýa-da olar «Ýandagy bassaň küde bolar, bedäni bassaň-pide» diýen nakyla uýýarlarmyka? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýandak - ýandagy.