ýanbaş

[ýa:nbaş]

Anatomiýa But süňküniň çanaklyk bilen birleşýän gapdal tarapy, gapdal, ýan.

  • Jüp jyga bardyr başynda, Tylla pyçak ýanbaşynda. («Görogly» eposy)

  • Ol gidip barýarka iki eli bilen ýanbaşlaryna şarpydadyp urýardy we aýaklaryny ýere patdyldatýardy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  • Sen porsy agzyň çala goýberme! -- diýip gygyrdy-da, ýanbaşyny sermedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýanbaş salmak

Türkmen göreşinde: gardaşynyň aýagynyň daş tarapyndan badak salyp, ony ýanbaşyna göterip ýykmak emeli.

  • Göter, ýyk, ýanbaş sal, ýyk! («Görogly» eposy)