ýan

[ýa:n]

  1. Bedeniň, göwräniň sag ýa-da çep tarapy, böwür.

    • Gaty keçaniň üstünde ýanlary agyrypü iki ýana agdarylýarlar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Ýerden galandyr ýanymyz. Işden aýamyzok janymyz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Tarap, ugur.

    • Murgabyň iki ýany tä Mary şäherine barýança kolhoz posýology. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Olar samany bir ýana, bugdaýy bir ýana saýladylar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  3. Geýim-gejimiň we ş. m. goltukdan aşak syýyna çenli bolan aralykdaky bölegi.

    • Kürtäniň ýany.

    • Çabydyň ýany.

  4. Bir zadyň gapdaly, gapdal tarapy, ýakyny, golaýy.

    • Jany agyrmadygynyň ýanynda başym agyrýa diýme. (nakyl)

ýan bermek

  1. Ýan bermek, egrelmek.

    • Demir ýol biraz aşak epilen ýaly ýan berse-de, demirleriniň sepleri açylmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bir zatdan basylmak, asgynlamak, ejizlemek.

    • Mawynyň ýan berenini görenden soň bolsa: -- Şol arzuwyma ýetdim -- diýip oýlandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýeňňe! -- diýip, ýalynjaklap, ýan berip, Öýe girip, kül üstünde oturdym. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

ýan bermezlik

Diýen etmezlik, öz diýeniňi etjek bolmaklyk, sözde basylmazlyk, asgynlamazlyk.

  • Pagtaçylyk bölüminiň başlygy ýan bermedi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

ýan ýer

seret ýer

ýan ýoldaş

seret ýoldaş

ýany ýere degmek

Bir ýüzli bolmak, ýykylmak.

  • Şu işiň ugrunda men siziň bilen tä ýanym ýere deginçä gidişerin! (A. Guwşudow, Köpetdagyň eteginde)

ýasy ýanyň ýerde bolmak

Örän arkaýyn bolmak, bir zat hakda ynjalykly bolmak.

  • Myhman, seniň ýasy ýanyň ýerde bolaýsyn! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)