ýamanlyk

Birine zyýan ýetirmek üçin bilkastlaýyn edilýän hereket, hyýanatçylykly edilýän , birine edilýän erbetlik.

  • Garly ussa daýhanlara hiçbir ýamanlyk getirmez. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Eje jan! Men hiý-de saňa ýamanlyk ederinmi?! -- diýdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  • Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýamanlyk - ýamanlygy.


Duş gelýän formalary
  • ýamanlyga
  • ýamanlygam
  • ýamanlygy
  • ýamanlygy-da
  • ýamanlygym
  • ýamanlygymyz
  • ýamanlygymyza
  • ýamanlygyn
  • ýamanlygynam
  • ýamanlygynda
  • ýamanlygyndadyr
  • ýamanlygyny
  • ýamanlygynyň
  • ýamanlygyň
  • ýamanlyk-da
  • ýamanlykda
  • ýamanlykdan
  • ýamanlyklara
  • ýamanlyklaryn
  • ýamanlyklaryny
  • ýamanlyklaryň
  • ýamanlykmy
  • ýamanlyksyz