ýaman1 sypat

  1. Islenýän talaby ödemeýän, kanagatlanarly bolmadyk, gowy däl, erbet, pis.

    • «Ýaman ýerde gaý tutdy» diýenleri boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýeri Ata, pluglaryň ýaman işleýärmi? -- diýip sorady. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Ýamandan boýnuňy satyn al. (nakyl)

  2. Örän, gaty, juda, hetdenaşa, has.

    • Munuň aty ýaman satanlak görünýär. («Görogly» eposy)

horluk ýamanyny görmek

seret horluk

  • Şol horluk ýamanyny gören üç sany gyzyl esgeri hem şu sebäpli horlaýardylar. (A. Gowşudow, Eserler)

ýaman ada goýmazlyk

seret at2

  • Özüni ýaman ada goýmajak bolsa, kölüň suwuny bir ýaňa çekdiriwersin! («Tokmak» žurnaly)

ýaman öwrenmek

seret öwrenmek

  • Ol bu ýerik gelmäge ýaman öwrenipdir.

ýamandan boýuňy satyn almak

Erbet adamdan gaçmak, başyňy gutarmak.

  • «Ýamandan boýuňy satyn al» diýlendir. Ony öz ugruna goýbermekden başga çäre ýokdur. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • «Ýamandan boýnuňy satyn al» diýipdirler, üzäýmek gerek, başga alaç ýok! -- diýdi. (A. Gowşudow, Eserler)

ýaman2

Weterinariýa Düýäniň hamynyň ýuka ýerleriniň çişme keseli.