ýalyn at

Ýiti howurly çabyrap duran ot, ot ýananda çabyrap çykýan ýagty beriji gaz.

  • Tamdyrlaryň agzyndan ýalynlar çabyrap galýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem ýalyn - ýalny.

iki ýalyn arasynda galmak

Iki sany bela, derde duçar bolmak.

  • Dursun iki ýalyn arasynda galdy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

ýürekde ýalyn goýmak

seret ýürek1

  • Ýüregimde goýduň ýalyn, Meni diri ýakdy çatma. (Durdy Gylyç, Goşgular)