ýalpak sypat

  1. Çuň bolmadyk, saý (ýap, derýa we ş. m. hakda).

    • Suw burawyň töweregini ýalpajyk köle dönderipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Dogrudan-da, golaýda ýalpak derýa endigan akyp ýatyrdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  2. Çukur bolmadyk, telper (gap-gaç hakda).

    • Ol şol ýalpak tabaklara nahar guýup biziň öňümizde goýdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Nahar iýilýän ýalpak tabaklary görüp haýran galdym. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Ýüzleý.

    • Mekgejöweniň tohumlaryny gaty ýalpak ekmeli däl!

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýalpak - ýalpagy.


Duş gelýän formalary
  • ýalpagyndan
  • ýalpakdan
  • ýalpakdyrlar
  • ýalpaklarda
  • ýalpaklaryna
  • ýalpaklarynda
  • ýalpaklaryndaky
  • ýalpaklyga
  • ýalpaklygy
  • ýalpaklygynda
  • ýalpaklygyny
  • ýalpaklygynyň
  • ýalpaklygyň
  • ýalpaklyk