ýalkym at

Öwşün atýan ýagtylyk şöhlesi, şöhle.

  • Gün ýalkymyny dumly-duşuna syçradyp dogan badyna, Aman pagta punktuna geldi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Gabsasyz açyk işikden dolan Aý üstümize ýalkym salýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Bir gün bolsa, biz şunça seretsek-de onuň çyrasynyň ýalkymyny görüp bilän uka batdyk. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)