Ýaldyrap duran, ýalkym salyp duran, ýalpyldawuk.
Aýsyz mawy asmanyň anbasy çapraz ýaly ýaldyrawuk ýyldyzlary, olary hüwdüleýän ýaly balkyldaşdylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Görejine kaklyşan ýaldyrawuk ýarag, gurallar-da onuň sustuny basmady. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýaldyrawuk - ýaldyrawugy.