ýalan-ýaşryk

Hakykata dogry gelmeýän, delilli-delilsiz, bolar-bolmaz, nädogry.

  • Galyň haramy ýalan-ýaşryk maglumat bilen siziň göwnüňize melal getiripdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Eger bu ýalan-ýaşryk sözläp dumly-duşa ýazyp ýören bolsa, birine ynanmasalar, ahyry birine ynanarlar, munuň bir gezip ýören näkesdigini kim tanaýar! -- diýdi. (A. Gowşudow, Eserler)