ýalan

Çyn däl, aldawy bar bolan, galp, nädogry.

  • Ähli hakykaty hem-de ähli ýalany bilmek gerekdir. (M. Gorkiý, Ene)

  • Sözüňde bolmasyn ýalan, Hakykatçy bolgun, inim! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Ýalan wada beren eken-ow, men bolsa oňa ynandym! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Ýalan sözleseň-tutularsyň, düz sözleseň-gutularsyň. (nakyl)

ýalana çykarmak

Puja çykarmak, hakykata dogry gelmeýändigini äşgär etmek.