ýalamak işlik

  1. Bir zadyň ýüzünden diliňi ýöretmek, bir zady diliň bilen syrmak.

    • Şojagaz gyz dury şaha nabady bir ýanyndan ýalap, Halnazara bakan şatlyk bilen ökje göterdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Akbaý onuň giň maňlaýyny mähir bilen ýalap durdy. (A. Atajanow, Permanyň Mamasy)

    • Bal tutan barmagyny ýalar. (nakyl)

    • Iýip doýmadyk, ýalap doýmaz. (nakyl)

  2. Göçme manyda Çalaja degip geçmek, sypap geçmek, täsir etmek.

    • Çigrek howa açyk ýüzleri sowuk dili bilen ýalap, endamlary biraz tikenekletjek ýaly duýulsa-da, şindi çydamaz ýaly aýaz ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gündogardan öwüsýän şemal ýüzüňi ýalap, gözleriňi gamaşdyrýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Çünki goşaň oky onuň böwrüni, Diňe ýalap geçdi, berip howruny. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

agzyňy ýalamak

Haýyr, peýda görmek, hezil etmek.

  • Ondan soň ne men gönenerin, ne-de sen agzyňy ýalarsyň?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

dabanyňy ýalamak

seret daban

  • Seniň, inim, ýaglyklamak, ýalamak adatyň bar bolsa, meniňkini däl-de, bar Annatuwagyň dabanyny ýala! («Sowet edebiýaty» žurnaly)