ýalaňaç ýa‧la‧ňaç

  1. Egni geýimsiz, geýim geýinmedik, eşiksiz, julsuz, aýakgapsyz.

    • «Ýalaňajy ursaň, possunly gorkar» diýen ýaly, gamçynyň şyrpyldysyna ýaş ýigit tisginip gitdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

    • Onuň ýalaňaç aýagy ýabyň çägesöw çygly raýyşyna barypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Iki sany göz monjugy ýaly çagaň bar, olaryň aýagy ýalaňaç, başlary açyk. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ýalaňaç suwdan gaýtmaz. (nakyl)

  2. Gapsyz, gynsyz.

    • Gulluhanyň ýalaňaç sapançasyny Artyk gaňryp alyp, ýeňsesine düwündirmekçi bolanda, ony hem tutdular. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýalaňaç gylyçly atlylar köçäni dolduryp durdular. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Onuň bileginden asylgy ýalaňaç pyçagy şol wagt bat alyp bulandy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Düşek ýazylmadyk, düşeksiz.

    • Ýalaňaç tagtanyň üstüde oturan komissar maňlaýyny iki eliniň aýasyna alyp, çuňnur oýa çümdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Pürsüz, ýapraksyz.

    • Giň köçeleriň trotuarlaryna giňleýin ýalaňaç galanlary üçin örän selçeň hem ejiz görünýärdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Sowuk şemal öwüsýärdi, ýapraksyz ýalaňaç agaçlar şowlap seslenýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  5. Göçme manyda Garyp, zatsyz.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýalaňaç - ýalaňajy.

ýarym ýalaňaç

Egin-eşik bilen doly üpjün bolmadyk, göz-gülban eşikli.


Duş gelýän formalary
  • ýalaňaja
  • ýalaňajam
  • ýalaňajy
  • ýalaňajymyz
  • ýalaňajyň
  • ýalaňaçdy
  • ýalaňaçdyk
  • ýalaňaçdyklary
  • ýalaňaçlar
  • ýalaňaçlary
  • ýalaňaçlaryň
  • ýalaňaçlyga
  • ýalaňaçlygam
  • ýalaňaçlygy
  • ýalaňaçlygym
  • ýalaňaçlygyna
  • ýalaňaçlygynyň
  • ýalaňaçlygyň
  • ýalaňaçlyk
  • ýalaňaçmyş