ýalňyzlyk

[ýalňy:zlyk]

Diňe birlik, ýekelik, täklik, ýekejelik.

  • Näme pikir etse içinde bary, Diňe ýalňyzlykdan çekip azary. (A. Kekilow, Söýgi)

  • Bütinleý ýalňyzlyk, agyr durmuş Gülnäzi aýgytly karara gelmäge mejbur edýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýalňyzlyk - ýalňyzlygy.


Duş gelýän formalary
  • ýalňyzlyga
  • ýalňyzlygy
  • ýalňyzlygyna
  • ýalňyzlygynda
  • ýalňyzlygyndan
  • ýalňyzlygyny
  • ýalňyzlygyň
  • ýalňyzlykda
  • ýalňyzlykdan
  • ýalňyzlykdy
  • ýalňyzlykdyr
  • ýalňyzlykmy