ýalňyşlyk

Işde, bir hereketde bilmezlikden edilen nädogrulyk.

  • Emma Täzegülüň özi bu işlere baş goşmak bilen ýalňyşlyk goýbermeli däldir. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

  • Köpçüligiň öňünde ýalňyşlyk etmäge utanman, ol hakda aýdylanda utanýarmyň? (B. Pürliýew, Ikinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýalňyşlyk - ýalňyşlygy.


Duş gelýän formalary
  • ýalňyşlyga
  • ýalňyşlygy
  • ýalňyşlygydyr
  • ýalňyşlygymy
  • ýalňyşlygymyz
  • ýalňyşlygymyzy
  • ýalňyşlygyna
  • ýalňyşlygyny
  • ýalňyşlygynyň
  • ýalňyşlygyň
  • ýalňyşlygyňy
  • ýalňyşlygyňyz
  • ýalňyşlygyňyzy
  • ýalňyşlykda
  • ýalňyşlykdan
  • ýalňyşlykdygyna
  • ýalňyşlykdygyny
  • ýalňyşlykdyr
  • ýalňyşlyklar
  • ýalňyşlyklara
  • ýalňyşlyklardan
  • ýalňyşlyklardyr
  • ýalňyşlyklary
  • ýalňyşlyklary-da
  • ýalňyşlyklarymyza
  • ýalňyşlyklarymyzy
  • ýalňyşlyklaryna
  • ýalňyşlyklarynda
  • ýalňyşlyklaryny
  • ýalňyşlyklarynyň
  • ýalňyşlyklaryň
  • ýalňyşlyklaryňy
  • ýalňyşlykly
  • ýalňyşlykmy