ýakynda

[ýaky:nda]

  1. Ýakyn aralykda, golaýda.

  2. Ýaňy-ýakynda, az wagt mundan ozal, ýaňyrak.

    • Meniň bu oba ýakynda göçüp gelenimi özüň bilýäň ahyryn! (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Ýakynda çarşaňňyly galamdaşlarymyň birine gabat gelenimde siziň raýonyňyzy halyndan habar aldym. («Tokmak» žurnaly)

  3. Ýakyn geljekde, ýakyn günlerde, tiz wagtda, tizlikde.