ýakyn hal

[ýa:kyn]

  1. Uzak bolmadyk, daş bolmadyk, golaý.

    • Az wagtdan soň ýüzüni galdyryp, ýakyn goňşulary Dürnabatlaryň howlusyna seretdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Golaý aragatnaşykda bolan, ysnaşykly, ýürekdeş.

    • Myralynyň atasy onuň ýakyn hyzmatkärlerinden biri ekeni. (Myraly)

    • Ol öz ýakyn adamlarynyň ýanynda begenjini gizlemän gürrüň etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Baglanyşygy bolan, baglanyşykly.

    • Tirkeş atlar iki sany biri-birine ýakyn manyly atlardan hem düşülýärler.

  4. Çemeli, möçber golaý.

  5. Dost-ýar, garyndaş.

    • Ol özüni keseki gözlerden däl, hatda öz ýakynlaryndan-da gizlemäge çalyşýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)