ýakymsyzlyk at

  1. Ýakymly dällik, ýaramly, mylaýym dällik, lezzetsizlik, mazaly dällik, häzirsizlik.

  2. Erbetlik, ýamanlyk, ýaramazlyk.

    • Akmaýanyň gözlerini agdaryp seredişinden-de bir ýakymsyzlyk göründi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Garagolluk, oňşuksyzlyk, ýoknasyzlyk.

    • Gowy okaň! Ýakymsyzlyk etmäň! (G. Gurbansähedow, Ak Altyn)

    • Ol bäş minut geçenden soň müzzermesini bütinleý taşlady-da, ýakymsyzlyk etmäge başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýakymsyzlyk - ýakymsyzlygy.