ýakymsyz sypat

  1. Ýakymly bolmadyk, lezzetsiz, mazasyz, hözirsiz.

  2. Erbet, ýaman, ýaramaz.

    • Emma weli, Günüň gyzgyny heniz daňdanyň ýakymsyz aýazyny meýdandan kowup çykarmandy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Onuň gulagyna ýakymsyz gürrüňler ýeter durardy. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  3. Garagol, oňsuksyz, bezzat, ýoknasyz (çaga hakda).

    • Ol ýakymsyz oglanlar bilen gezýär, sütüni süýnüp öýlerine gelýär. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Emma ýakymsyz oglanlardan uşajyk gowurdy göterildi, soň gykylyk artdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)