ýakut

[ýa:ku:t]

Gök ýa-da ýaşyl reňkli gymmat baha daş.

  • Suwa gaçan ýakut, ýyldyz şöhleler Ajap hereketde, ýok olaň soňy. (R. Seýidow, Eserler)

  • Parasat hem akyl alamaty bolan şol fakel ýakut bilen bezelenligi üçin ýanyp duran ot ýaly görünýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýakut - ýakudy.