ýaka

  1. Geýimiň boýun töweregindäki çäk açylyp edilen we şoňa berkidilen bölegi, ýeri.

    • Begenjiň köýneginiň ilikleri ýazdyrylyp, ýakasy ýatyrylypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Geliň boş oturmaň, iliň ak gaýmaly tahýasyny goýaýardy, kürte ýakasyna ýa-da çyrpa keşde çekerdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Gözlerinden akýan ýaş bolsa Mähriniň ýakasyna döküldi. (N. Saryhanow, Saýlanan Eslerler)

  2. Bir zadyň kenary, gyrasy, gyra, kenar.

    • Demir ýoluň ýakasyndaky haýatyň düýbünde bukulyp, telegrafa golaýlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Säheriň şol wagty ýabyň ýakasyna çykan bir ýigit dört töweregine yhlasly seredýärdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  3. Tarap, töwerek, ýan.

    • Biziň ýakalara-da gara beriň ahyry!

  4. seret etek 2,3

ýaka tanatmak

Özüňi uly ile tanatmak, at gazanmak, bellenmek.

  • Derýa özüniň kiçiligine garamazdan, özüniň akýan ugrunda öz ýakasyny tanadypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýaka tutmak

Toba etmek, puşman etmek, heder etmek.

  • Ýitirdiňmi, ogurlatdyňmy, nätdiň? -- diýip, ýakasyny tutup gygyrdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Kellesini ýaýkap, ýakasyny tutdy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

ýaka tutuşmak

Sene-mene edişip, biri-biriňe el garamak, uruşmak.

  • Söwdegäriň ogly bilen gyzyl adam iň soňunda ýaka tutuşdylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýaka tüýkürmek

seret ýaka tutmak

ýaka ýyrtmak

Bir zada närazy bolup garşylyk bildirmek.

  • Şeker eşdip toý sesini, Geldi ýyrtyp ýakasyny. (Çary Aşyr, Ýaş Kilwanyň Ýalňyşy)

  • Häbibe ýaka ýyrtyp aglady. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

ýakadan tutmak

Üstünden düşmek.

  • Wiý, mama, sen-ä: «Ýagşylyga-ýamanlyk» diýen ýaly, meniň öz ýakamdan tutaýdyň! («Sowet Edebiýaty» žurnaly)