ýagyrny ýa‧gyr‧ny

  1. Anatomiýa Ýeňseden oňurganyň ýanjyk bilen birleşýän ýerine çenli bolan aralyk.

    • Onuň baldyrlary owlak meşigi ýaly, ýagyrnysy ýapy ýaly, her egninde bir adam oturan ýaly, ýeňsesi bolsa gurt sokusy ýalydy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Oturgyjyň ýagyrna söýget berýän ýeri arkan ýazylyp gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Bir zadyň arka tarapy.

    • Baharyň egnindäki göwşülden keteni köýneginiň ýagyrnysyna der çykypdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ýagyrnysyny ýere bermek

Ýykmak, ýeňmek.


Duş gelýän formalary
  • ýagyrna
  • ýagyrnyda
  • ýagyrnydyr
  • ýagyrnylary
  • ýagyrnylaryna
  • ýagyrnyly
  • ýagyrnyma
  • ýagyrnymda
  • ýagyrnymdan
  • ýagyrnymyza
  • ýagyrnyny
  • ýagyrnynyň
  • ýagyrnysy
  • ýagyrnysy-da
  • ýagyrnysyna
  • ýagyrnysynam
  • ýagyrnysynda
  • ýagyrnysyndan
  • ýagyrnysyny
  • ýagyrnysynyň
  • ýagyrnyň
  • ýagyrnyňa