ýagyr

Howut, gaňňa, eýer we ş. m. degmegi netijesinde düýe, at, eşek ýaly iş malynyň arkasynda emele gelýän ýara.

  • Dogrudan hem ýükçi arwanalaryň ýük çekmekden ýaňa örküjiniň gapdallary ýagyr bolardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem ýagyr - ýagry.

ýagyr etmek

Halys ýadatmak, bizar petini çykarmak, lenç etmek.