ýagyn

Ýagyş, gar we. ş. m. görnüşinde ýere gaçýan atmosfera çygy, ygal.

  • Kolhoz baglarynyň oňat nahaly, Ýagyn ýagýar aýny gerek mahaly. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  • Ol ýagjak ýagynyň öňünden bolýan özüne tanyş alamatlaryny görenden soň öz özüne-gyş ahyry! -- diýdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem ýagyn - ýagny.