ýagyş at

Owunjak suw damjajyklary görnüşinde ýagýan atmosfera ýagyny, damjalap ýa-da çisňäp ýagýan ýagyn, ýagmyr.

  • Çisňäp duran ýagşyň arasyndan bolsa daň atyp, howanyň ýagtylyp barýandygy bildirýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Goýy garaňky dumanyň göwsüni bölüp barýan samolýot ep -- esli wagt ýerine gelip ýetdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem ýagyş - ýagşy.

ýagyşdan gaçyp, damja uçramak

seret damja

  • Han küýli ýagyşdan gaçyp, damja uçrady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)