Şöhle energiýasy, şöhle, yşyk.
Oňa dünýäniň giňliginden, ýagtylygyndan, owadanlygyndan haýyr bolman, elmydam garaňky bolup, ýüregi gysýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Şähdaçyklyk, ruhubelentlik, dogumlylyk.
Adamlaryň tozan siňen ýüzlerinde bir hili ýagtylyk gözlerinde bir hili ruhubelentlik oýnaýan ýaly boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda seret azatlyk
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýagtylyk - ýagtylygy.
Azatlyga çykmak, gowy durmuşa ýetmek, ajaýyp ýaşaýşa başlamak.
Olar-da ýagtylyga çykarlar. (M. Ibrahimow, Ol Günler Geler)