ýagtyltmak işlik

seret ýagtylandyrmak

  • Ýygnak açyk howada geçýärdi, pelteli çyra prezidium stoluny zordan ýagtyldýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýokary galan Aý asmanyň ýüzüni ýagtyltdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýagtyltmak - ýagtyldýar, ýagtyldar, ýagtyldypdyr.