ýagny

Özünden öň gelýän sözlemi ýa sözi anyklamaga ýa-da öň aýdylanlary düşnükli etmek, aýdyňlandyrmak üçin ulanylýan baglaýjy.

  • Annagula sölpi at şundan galypdy, ýagny ol eşigini, balagynyň uçguryny, çarygynyň bagyny oňarman süýräp, hopul-sopul gezerdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)