Asmandan sepelenip dökülmek (ýagyş, gar hakda).
Güýçli ýagýan ýagyş howanyň ýüzüni arassalapdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Ertir ir bilen gar ýagmaga başlady. (K. Jumaýew, Dört dogan)
Göçme manyda Yzly-yzyna bolmak, yzy üzülmän gelmek.
Bu hili soraglar mugallymanyň üstüne daş-töwerekden ýagmaga başlady. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Yzly-yzyna zyňylmak, yzly-yzyna atylmak.
Goýry tozan, owunjak kesek bütin töwerege doly ýaly ýagdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Duşmanyň çabga ýaly ýagýan okuň astynda bular jylgaly gerişlere aralaşdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
seret ýüz 1
Berdi aganyň ýüzünden gar ýagýar, serederligi ýok. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)