[ýa:glyk]
Köplenç kellä daňmak ýa-da başa atmak üçin ulanylýan dört burç mata.
Aýsoltan uzyn seçekli ýüň ýaglygyny üstüne ýelbegeý atyp, goşa ýassyga tirsegini berip, eýwandaky giň halyň üstünde çaý içýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Köne ýaglygyny başyna, Çykdy gahrymanym tamyň daşyna. (A. Kekilow, Söýgi)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýaglyk - ýaglygy.
Könelişen söz Täze öý dikilende, tüýnükden asylgy ýaglygy almak üçin bökmek, böküp ýaglygy almak.