Biriniň, bir zadyň boluş derejesi, keýp, hal-ahwal.
Çernyşonyň ýagdaýy has kynlaşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Syrkawyň ýagdaýy gün-günden ýagşylaşýar.
Jemgyýetçilik syýasy gatnaşyklaryň jemi, jemgyýetçilik durmuşyň gidişi.
Halkara ýagdaýy.
Pursat, maý, moment, wagt.
Naçalnik ony şonuň ýaly ýagdaýlarda peýdalanýardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Ümüş-tomuşdaky harasat duşmanyň hüjümi üçin amatly ýagdaýdygyny çoluk da aňlaýardy, tejribeli itler-de. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Mümkinçilik.
Kynçylygy basyp, ýagdaý döredýär, Söweşjeň tabşyryk berilýän wagty. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Şert.
Akmaýanyň uludan dem almagy oňa amatly ýagdaý döretdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Kiçijik awçy täze ýagdaýa tiz öwrenişdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)