ýagşylyk ýag‧şy‧lyk

  1. Ak ýüreklilik bilen edilýän ýardam, rehimlilik we jomartlyk bilen edilýän gatnaşyk, oňat iş.

    • Ýeri, bu ýagşylygyn aşagyndan men nädip çykaryn?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Aýna ejäniň Hojawa eden ýagşylygy asla tükener ýaly däldir. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Ýagşylyk ýerde ýatmaz. (nakyl)

    • Ýagşylyga ýagşylyk-är kişiniň işidir. (nakyl)

  2. Oňat hililik, gowy gylyklylyk, asyllylyk, gowulyk.

    • Täzegül gelenden soň, köp adamlaryň bütinleýin ýagşylyk tarapyna öwrülendikleri hakynda-da pikir etdi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýagşylyk - ýagşylygy.


Duş gelýän formalary
  • ýagşylyga
  • ýagşylygam
  • ýagşylygy
  • ýagşylygy-da
  • ýagşylygym
  • ýagşylygyma
  • ýagşylygymy
  • ýagşylygymyň
  • ýagşylygyn
  • ýagşylygyna
  • ýagşylygyny
  • ýagşylygynyň
  • ýagşylygyň
  • ýagşylygyňy
  • ýagşylygyňyz
  • ýagşylygyňyzy
  • ýagşylygyňyzyň
  • ýagşylyk-da
  • ýagşylykda
  • ýagşylykdan
  • ýagşylykdyr
  • ýagşylyklar
  • ýagşylyklara
  • ýagşylyklary
  • ýagşylyklarynyň
  • ýagşylyklarynyňam
  • ýagşylyklaryň
  • ýagşylyklaryňyzy
  • ýagşylykly