Ýagmaga başlatmak.
Göçme manyda Köp mukdarda bir ýerden ikinji bir ýere yzyny üzmän getirmek, bir ýere yzyny üzmän iberip durmak.
Bir ýerden ikinji bir ýere yzly-yzyna zyňmak, yzly-yzyna atmak.
Pulemiýot çabga ýaly ok ýagdyrýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret gargyş
Şemsiýe uzak sözledi, zeýrendi, Pehlewä gargyş ýagdyrdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
seret muşakgat
Ýeri, heleý, muşakgat ýagdyrmasana! (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.