ýadygärlik ýa‧dy‧gär‧lik

[ýa:digärlik]

  1. Ýatdan çykarmazlyk, unutmazlyk maksady bilen birine berlen zat, bir zatdan galan nyşan.

    • Enesi ölüm düşeginde ýatyrka, gyzy Ogulgerege: -- Gyzym, öýüm size galsyn, menden ýadygärlik bolsun! -- diýip wesýet edipdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Wepa Keljäniň özünden umydyny üzüp, diňe ondan tapan nyşanlaryny ýadygärlik üçin göterip, öz bölümlerine baka çalt ädimläp gitdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Hormatlamak maksady bilen biriniň ýa bir zadyň hatyrasyna bina edilen, ýasalan skulptura ýa-da arhitektura desgasy.

    • Bu ýeriň ses-üýnsüz meýdançalarynyň birisinde beýik Timurýazewe salnan ýadygärlik durýardy. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

  3. Geçmiş medeniýetiň häzirki wagta çenli saklanyp galan predmetleri.

    • Bu obada hem gadym zamanyň her bir döwürlerinden galan ýadygärlik nyşanlaryny görmek bolýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Arheologik ýadygärlikler.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýadygärlik - ýadygärligi.


Duş gelýän formalary
  • ýadygärlige
  • ýadygärligem
  • ýadygärligi
  • ýadygärligidir
  • ýadygärliginde
  • ýadygärliginden
  • ýadygärligindäki
  • ýadygärligine
  • ýadygärligini
  • ýadygärliginiň
  • ýadygärligiň
  • ýadygärlikde
  • ýadygärlikden
  • ýadygärlikdi
  • ýadygärlikdigini
  • ýadygärlikdir
  • ýadygärlikdäki
  • ýadygärlikler
  • ýadygärliklerde
  • ýadygärliklerden
  • ýadygärliklerdir
  • ýadygärliklerdäki
  • ýadygärliklere
  • ýadygärlikleri
  • ýadygärlikleridir
  • ýadygärliklerime
  • ýadygärliklerimiz
  • ýadygärliklerimizde
  • ýadygärliklerimizi
  • ýadygärliklerimiziň
  • ýadygärliklerinde
  • ýadygärliklerinden
  • ýadygärliklerindäki
  • ýadygärliklerine
  • ýadygärliklerini
  • ýadygärlikleriniň
  • ýadygärlikleriň
  • ýadygärlikli