Bir zadyň merkezi bölegi, özeni.
Wodorod atomynyň položitel zarýadlanan ýadrosy proton adyny aldy. («Fizika» kursy)
Atom ýadrosy.
Göçme manyda Bir kollektiwiň esasy bölegi, topary.
Sport termini Zyňmak boýunça sport maşklaryny ýerine ýetirmeklik üçin hyzmat edýän çoýun şar.
Men oňa sportyň ýadro zyňmak ýaly görnüşleri bilen-de türgenleşmekligiň gerekdigini düşündirdim. («Pioner» žurnaly)
Biologiýa Haýwan, ösümlik organizmleriniň öýjüginiň esasy düzüm bölegi.