[ýa:dawlyk]
Köp işlemek, hereketde bolmak zerarly güýç-kuwwatyň gaçmaklyk, ýadaw halda bolmaklyk, argynlyk, ýorgunlyk.
Kä öňürdikleýän, kä gorgunyna gelýän atyň ýadawlygy saýgaryldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol ýigitlerde ýadawlyk hem uky-da ýok däldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Süňňimiz ýeňläp ýadawlykdan zat galmady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýadawlyk - ýadawlygy.