[ýa:bak]
Ýandak, bede desselerini götermek we ş. m. üçin ulanylýan birnäçe dişli, uzyn saplyja hojalyk guraly.
Agşamara men saraýyňýanynda güýmenip ýörkäm, çalgylary, dyrmyklary, ýabaklary tertibe salyşdyrdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýabak - ýabagy.