ýaba ýa‧ba

[ýa:ba]

Geýim-gejim we ş. m. zatlary asyp goýmak üçin bir ýere berkidilen haç ýaly agaç.

  • Ýabada gurumlap giden iki sany telpek asylgy durdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Meret çäkmenini agajyň ýabasyna epläp goýup, çöwürmesini hem ýabaň başyndan ildirdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ýabada
  • ýabadan
  • ýabaly
  • ýabalyk
  • ýabam
  • ýabany
  • ýabasyna
  • ýabaň