ýaşyrmak işlik

Gizlinlikde saklamak, ýaşyryn saklamak, gizlemek.

  • Näzik eje ýaňyja bolup geçen gürrüňi ýaşyrdy. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Biz bilýän zadymyzy ýaşyrmarys. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Sen näme üçin öz ejeňden syryňy ýaşyrýarsyň?! (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Aýbyny ýaşyran aýňalmaz. (nakyl)