ýaşuly

[ýa:şuly]

  1. Ýaşy durguşan ýa-da gartaşan adam.

    • Çokaýynyň bagyny süýräp gelýän gaýşak bir ýaşuly gürrüňe goşuldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Gepi-gürrüňi diňlenýän, diýenine-aýdanyna gulak asylýan, hormatly adam.

    • Şol hökümi ýerine ýetirmekde oba arçynlaryny, oba ýaşulularyny jogapkär hasap edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Ýaşy bir çene baran adama ýüz tutulyp aýdylýan söz.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem ýaşuly - ýaşuluda, ýaşulular, ýaşulusy.