ýaşmak1 işlik

Gözýetimden aňryk inmek, batmak (gün hakda).

  • Ýaşmaga ýakynlaşan Gn ebşitden göterilýän gara bulut bölekleriniň arasyndan yşgalaňlaýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Aý öz şöhlesini biziň otagymyza saldy-da, ýaşdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

ýaşmak2 işlik

  1. Gyňajyň agzyň üsti bilen aýlanýan bölegi.

    • Elinde çagasy bar güýmenjesi, Ýaşmagyň astyndan eşidildi sesi. (A. Kekilow, Söýgi)

    • Bally heniz sesini çykarmanka, Ataýry gelin ýetişip, ýaşmagyny arkan serpdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Netjarçylyga degişli Iki ýaňa açylýan gapylaryň gabsalaryny örtýän insizje planka.