ýaşlyk

[ýa:şlyk]

  1. Ýetginjeklikden kämillige çenli bolan ýaş aralygy.

    • Ol özüniň ýaşlygyna garaman, graždanlyk urşuna-da gatnaşypdy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Artyk, sen ýaşlyk etme! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýaşlykda çagalaryň gözüne ata-edeler her bir tarapdan iň abraýly adamlardyr. (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirew, Pedagogika)

  2. Ýigitlik, juwanlyk, jahyllyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaşlyk - ýaşlygy.