ýaşartmak işlik

[ýa:şartmak]

Ýaş indermek, ýaş getirmek, ýaş çykarmak.

  • Gündogardan öwüsýän şemal gözleriňi ýaşardýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Mama tirsegine galdy, gözüni ýaşartdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaşartmak - ýaşardýar, ýaşardar, ýaşardypdyr.