ýaşamak işlik

[ýa:şamak]

  1. Ömür sürmek.

    • Beýle halk bilen ýaşamak-da, işlemek-de örän uly bagt! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Güzeran görmek, gün iteklemek.

    • Şeýle-de bolsa, özgelere seredeniňde men başgaça ýaşaryn. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  3. Oturmak, bolmak.

    • Ine, şu obada iki sany garyp dost maşgala ýaşaýardylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)