ýaňsy at

Göwnüýetmezçilik etmek ýa-da üstünden gülmek maksady bilen biriniň aýdan sözi kesä çekilip edilýän gürrüň, aýdylýan söz.

  • Küştçüleriň arasynda, bu söz ýaňsy şekilinde gaýtalanýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Emma onuň şol ýylgyryşynda-da bir ýaňsa almak baryny, maňlaýy toýnak tagmaly şelaýyn adamyň özi hem aňlady. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

ýaňsa almak

seret ýaňsylamak